MEDENIÝET

Türkmenabatda üç günlük sirk şowhuny başlady

Türkmenabat şäherindäki “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Döwlet, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkleriniň we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bilelikdäki çyykyşlaryna badalga berildi.

Ýurdumyzyň Lebap, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylary dünýäde uly meşhurlyk gazanan bu toparyň çykyşlaryna gözli şaýat bolýarlar. Topar Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilen bilelikde welaýatymyzda göçme çykyşlary guraýar. Şol çykyşlara düýn Türkmenabat şäherinde badalga berildi.

Türkmenabatdaky sirk çykyşlary iki bölümden ybarat. Bu bölümleriň birini Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary düzýän bolsa, ikinjisi «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyndan ybarat.

5, 6 we 7-nji martda ýaýbaňlandyrylýan çykyşlar her gün iki görkezilişden ybarat bolar.

Çykyşlar gündiz sagat 15:00-da we agşamlyk 18:00-da başlanýar.

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi