Türkiýäniň “Türkhowaýollary” (THY) kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beren maglumatynda aýdylyp geçilýär.
Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!
Berlen maglumata laýyklykda, ýörite uçar gatnawynyň 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda sagat 17:30-da göz öňünde tutulýar.
Şonuň üçin bu ýörite uçar gatnawy barada “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna (Atatürk köçesi 82, A7-A8 otagy/ “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Tel: 861 01 44 33) ýüz tutmak bolar.
Ozal hem berişimiz ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.
Şeýle hem Türkmenistanda otly hem-de welaýatara awtobus gatnawlary hem 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli duruzylypdy.
Bulary ünsli okamagyňyzy haýyş edýäris!
Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük
Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.
“Makul Sözlük” Applikasiýasy
Jemi 15.000-den gowrak Iňlis dilindäki, 20 müňden gowrak Türkmen dilindäki sözleri özünde jemleýän, Türkmen we Iňlis dilinde “gepleýän” Makul Sözlük Applikasiýasyny Siz özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp almak bilen “Makul Sözlügiň” ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz! Bellemeli zat, Siz gözleýän sözüňizi diňe “ýazmaça gözleg” etmän, eýsem “sesli gözleg” hem edip bilersiňiz!
Applikasiýany indirmek üçin “Google Plaý” dükanyndan “makulsözlük” ýazyp gözleg edip bilersiňiz. Siz isleseňiz şu ýere basyp hem applikasiýany mugt ýükläp alyp bilersiňiz!
Offline Sözlük: Makul Sözlük
“Makul Sözlük” applikasiýasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, offline, ýagny, bir gezek telefonyňyza indirip alanyňyzda offline ulanyp bilmek mümkinçiligidir. Siz gözleýän sözleriňizi internete bagly bolmasaňyz hem “Makul Sözlük” applikasiýasyndan tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, ýurdumyzyň we dünýäniň haýsy künjeginde bolsaňyz hem “Makul Sözlükden” peýdalanyp biljekdigiňizi görkezýär.
“Her gün 5 söz” mobil telefonyňyza gelsin!
Siz söz baýlygyňyzy ösdürmek isleýän bolsaňyz, onda “Makul Sözlük” applikasiýasyny Siziň iň ýakyn ýardamjyňyz bolar! “Makul Sözlük” her gün 5 sözi Iňlis we Türkmen dillerinde Siziň mobil telefonyňyza bildiriş hökmünde iberer. Siz her gün 5 söz ýat tutan ýagdaýyňyzda diňe 1 ýylyň dowamynda 1800-den gowrak iňlis dilindäki sözi ýat tutarsyňyz.
Çagalar üçin sözlük….täze goşundylara garaşyň!
“Makul Sözlük” taslamasyny durmuşa geçirýän toparymyz, häzirki wagtda sözlügiň ulanyş çygryny giňeltmek maksady bilen durmuşda iň köp ulanylýan sözlerden ybarat suratly sözlük-çagalar üçin “Makul Sözlük” goşundyny hem taýýarlaýandygyny Size ýetirýäris. Öz içine oýunlary, kiçiräk synaglary, iňlis we türkmen dil baýlygyňyzy ösdürjek krosswordlary, durmuşyň dürli ugurlarynda iň köp ulanylýan sözlemleri, suratly terjimeleri we ýene-de birnäçe aýratynlyklary özünde jemleýän täze taslamamyzy iň ýakyn wagtda durmuşa geçireris we Siziň hyzmatyňyza hödürläris.
Hormatly “Makul Sözlük” ulanyjylary!
Siz şu ýere basyp, “Makul Sözlük” applikasiýasyny indirip almagyňyzy, ulanyp görmegiňizi, halan ýagdaýyňyzda bolsa “Plaý Marketde” sözlügimize baha bermegiňizi we öz teswirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Şeýle hem, Siz şu habary we “Makul Sözlük” baradaky linkleri paýlaşmak bilen köp sanly dostlaryňyzyň hem “Makul Sözlük” aýratynlyklaryndan peýdalanmaklaryna goşant goşup bilersiňiz. “Makul Sözlük” Applikasiýasy mugt bolup, ol intellektual telekeçilik perspektiwasyndan durmuşa geçirilen taslamadyr.
CHROME MAKUL SOZLUK EXTENSION (GOŞUNDY) BARADA GIŇIŞLEÝIN MAGLUMATY ALYP BILERSIŇIZ WE BU EXTENSIÝONY (GOŞUNDYNY) KOMPÝUTERIŇIZE ÝÜKLÄP BILESIŇIZ!
Makul Sözlük taslamasyny esaslandyryjylar bu Sözlügi Kompýuterlerdäki Chrome Browserde ulanmaga mümkinçilik berýän täze Browser goşundysy-Makul Sözlük goşundysy taýýarlanyldy.
Siz bu goşundyny “Chrome Web Store” dükanyndan “Makul Sözlük” görnüşinde gözleg edip mugt ýükläp bilersiňiz. Bu habary kompýuterden okaýan okyjylarymyz bolsa şu ýere basyp täze goşundyny kompýuterlerine gurup bilerler.
Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!