BILIM

Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

“TÜRKMENHIMIÝA” DÖWLET KONSERNINIŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI TEHNIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
2. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.
5. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
7. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy.
8. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
9. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
10. Sen agat we raýat j a ý gurluşygy.
11. Gurluşyk-ýol maşynlary we enjamlary.
Tehniki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary
giriş synaglarynyň netijeleri boýunça
bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Tehniki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 14-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň
ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da
ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da)
okuwa kabul edilmek üçin artykmaç
hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär
şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 21-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak; organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Amul şäherçesi, Dostluk köçesi, 20. tel.: 7-17-25; 7-91-04.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy