Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahsan Waganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmaga ýardam etjek mümkinçilikleri hem-de şertleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli bilim ulgamynda geçiriljek çärelere pakistan tarapynyň gatnaşmaga çagyrylýandygy nygtaldy.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek «Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyna bu institutyň hyzmatdaşy bolan Pakistanyň COMSATS Uniwersitetiniň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy.
Mundan başga-da, şu ýylyň 21-26-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna pakistanly okuwçylaryň gatnaşmagy barada özara pikiralyşmalar boldy.
Şeýle-de, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Feýsalabad şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda oba hojalygynyň ykdysadyýeti we maldarçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak başlangyjy öňe sürüldi.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Ilçisi, jenap Ahsan Wagan öz gezeginde türkmenistanly ýaşlaryň Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bank işi, demir ýol, IT, derman senagaty, dil öwreniş hünärleri boýunça talyp hakly ýerler esasynda bilim almaklary üçin mümkinçilikleriň bardygyny habar berdi.