BILIMMEDENIÝET

Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa bilim almaga iberiler

Düýn türkmenistanly ýaşlaryň 155-siniň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine bilim almaga gitjekdigi baradaky habary ýetiripdik. Şu gün bolsa, türkmen ýaşlarynyň 25-siniň Russiýanyň öňdebayrjy ýokary okuw mekdeplerine bilim almaga iberiljekdigi baradaky habary ýetirýäris.

“Türkmenistan” gazetindäki habara görä, ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyk barha giňeýär. Munuň şeýledigine Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky bilim babatda gatnaşyklaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gazanylan ylalaşyklar esasynda bilim, medeniýet, sungat we döredijilik işi bilen baglanyşykly giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 25-sini dostlukly ýurduň degişli ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek meýilleşdirilýär.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap, Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin teatr, sirk sungaty hem-de döredijiligiň beýleki ugurlaryndan zehin-başarnygy bolan, rus dilini kämil bilýän, ýaşy 25-den geçmedik, saýlanyp alnan hünär ugrundan ukybyny görkezip biljek türkmen ýaşlaryny seçip almak işlerine girişildi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär