Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ykdysady meseleler boyunça Premýer-ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar bilen duşuşyp, sebitleýin möhüm taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada “Pajhwok” internet neşiri habar berýär.
Owgan tarapynyň habar bermegine görä, Abdul Gani Baradar Hyrat welaýatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow bilen duşuşdy.
Duşuşyga magdan we nebit ministri Molla Hedaýatulla Badri, energetika we suw serişdeleri ministri Haji Molla Mohammad Ýunus Ahundzada, Türkmenistanyň resmi adamlary we beýleki owgan wekilleri gatnaşdy.
Iki tarap TOPH taslamasyny, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamasyny, şeýle hem beýleki elektrik we demir ýol meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Baradar TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berilmeginiň Owganystanyň, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm bolup durýandygyny aýtdy we Saud Arabystanynyň “Delta International Group” kompaniýasynyň bu taslama maýa goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.
Ol “Delta International” kompaniýasynyň TOPH taslamasyndan gaz satyn almaga, Türkmenistanyň iri gaz ýataklarynyň kuwwatyny artdyrmaga, Hyrat welaýatynyň Guzara etrabyndan Kandahar welaýatynyň Spin Boldak etrabyna çenli we ondan aňryk Hindistanyň serhedine çenli gaz geçirijisini gurmaga we uzaltmaga, şeýle hem Pakistanyň Gwadar portunda uly, döwrebap gaz merkezini gurmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Şeýle hem ol Owganystanyň TOP taslamasynyň ýol kartasyny jemlemäge doly taýýardygyny aýtdy we Bala Murgap, Hamýap we Garkyn etraplaryna elektrik energiýasyny geçirmek, şeýle hem sebit arabaglanyşygy boýunça beýleki taslamalary başlatmak üçin owgan tarapynyň doly hyzmatdaşlyk etjekdigine ynandyrdy.
Molla Baradar, şeýle hem iki ýurduň arasynda dowam edýän taslamalarda owganlylar üçin iş orunlaryny döretmegiň zerurdygyny nygtady.
Öz gezeginde Raşid Meredow TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredendigi üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we taslama boýunça işleriň şu ýylyň ahyryna çenli Hyrat welaýatynyň merkezine ýetjekdigini aýtdy.
Ol daşary ýurt kompaniýalarynyň gaz geçiriji taslamasyna maýa goýmaga bolan gyzyklanmasyny gutlady we bu babatda ýakyn utgaşyklygyň zerurdygyny aýtdy.
Meredow Türkmenistanyň Turgundy–Hyrat demir ýol taslamasyna maýa goýmaga taýýardygyny we Turgundyda işleriň eýýäm başlandygyny aýtdy.
Şeýle hem ol öz ýurdunyň bäş ugur arkaly Owganystana elektrik energiýasyny ibermäge we üpjünçilik kuwwatyny artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.
Beýanatda aýdylmagyna görä, iki tarap söwdanyň giňeldilmegini, bank ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, iş orunlarynyň döredilmegini we dürli pudaklardaky ykdysady taslamalary bilelikde dolandyrmagy hem ara alyp maslahatlaşdylar.
