BIZNES

Türkmen wekiliýeti Katardaky sergä gatnaşýar

Türkmenistan we Katar döwletiniň arasynda syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk ösüşiň täze tapgyryna gadam goýdy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen dürli derejedäki gepleşikler alnyp barylýar, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär we söwda dolanyşygy barha giňeldilýär. 2025-nji ýylyň 1-10-njy marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilen «Aziýa ýurtlarynyň maňyz we guradylan miwe önümler» atly halkara sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze mümkinçiliklerini açdy.

2025-nji ýylyň 3-nji martynda Kataryň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem iki döwletiň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek duşuşygyň esasy maksady boldy. Taraplar Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, Kataryň işewür toparlary bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

     Türkmen wekiliýetiniň bu sapary iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlangyjy boldy. Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenip, türkmen önümleriniň Kataryň bazarynda orun almagy üçin ilkinji ädimler ädildi. Geljekde bu hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna we Kataryň işewür toparlary bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berer.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär