2023-nji ýylyň 18-21-nji noýabry aralygynda Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Bu barada Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Şu ýylyň 18-nji noýabrynda Atly sportunyň Halkara federasiýasyna (FEI) agza bolan dünýäniň 136 döwletiniň Atly sport federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu Baş Assambleýada atly sportuň görnüşleriniň düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de (FEI) Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň dürli komitetleriniň we dolandyryş müdiriýetiniň täze agzalaryny saýlamak boýunça ýygnak geçirildi. Mundan başga-da dünýäde atly sport we atçylyk boýunça gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi.
Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçiren Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletleriniň atçylyk federasiýalaryndan gelen ýolbaşçylar hem-de wekiller, Türkmenistanyň atçylyk pudagynda gazanýan uly üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdylar hem-de ýurdumyzy halkara arenasynda goldajakdyklary barada ynandyrdylar.
Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, seminarlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikriler alyşyldy.
Mundan başga-da, ýurdumyzda Dünýä we sebitleýin çempionatlaryň kubogyny almak ugrunda tapgyrlaýyn bäsleşikleri geçirmek, atly syýahaty mahabatlandyrmak hem-de ösdürmek öwrenildi.