BIZNES

Türkmen-türk işewürler geňeşiniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmaga öz saldamly goşandyny goşýan Türkmenistan-Türkiýe işewürler geňeşi özüniň nobatdaky onlaýn duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistan-Türkiýe işewürler geňeşiniň türk tarapyndan ýolbaşçysy, “Halil Avcı” kompaniýalar toparynyň başlygy Halil Awjynyň baştutanlygynda onlaýn tertipde geçirilen duşuşyga Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hem gatnaşdy. Şeýle hem bu duşuşyga Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda geňeşçileri hem gatnaşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem işewürler geňeşiniň öňümizdäki ýyllarda alyp barjak işleri boýunça pikir alşyldy.

 

Türkmenistan: türkmen-owgan serhedindäki gümrük nokatlary işleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder