Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de saparyň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu sapar köpugurly strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň mawzoleýine we Ankara şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilen türkmen-türk işewürler forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu foruma iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen bir hatarda, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür düzümleriniň wekilleriniň 700-e golaýy gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen we türk işewürleriniň arasynda jemi 15 duşuşyk geçirildi hem-de 14 şertnama we ylalaşyga gol çekildi.
Ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryna seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek we täze derejä çykarmak boýunça uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalarynyň 13-sine gol çekildi.
Mundan başga-da, saparyň barşynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Wise-premýer, daşary işler ministriniň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän “Ýol kartasyny” ýakyn wagtda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şol bir wagtda, iki döwletiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni we ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.