JEMGYÝET

Türkmen-türk gatnaşyklary: ýokary derejedäki sapar we duşuşyklar

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkiýe Respublikasynyň esasy milli baýramy – 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk güni mynasybetli makalasynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini beýan edipdir. Ilçiniň makalasy ilçihananyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilipdir.

Türkiýäniň döredileniniň 97 ýyllygy mynasybetli makala taýýarlan ilçi Togan Oral Türkiýäniň ykdysady üstünlikleri barada durup geçip, dünýäniň 19-njy, Ýewropanyň 7-nji uly ykdysadyýetine eýe bolan Türkiýäniň 2003-2019 ýyllar aralygynda ortaça 5,2 göterim ösüş gazanandygyny belledi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň “Bir millet-iki döwlet” ýörelgesi esasynda ösdürilýändigini bellän ilçi Türkiýäniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygyny berkitmek ugrundaky ädimlerini tüýs ýürekden goldaýandygyny belledi.

Ilçi öz makalasynda: “Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Türkiýe Türkmenistanyň ykdysady we jemgyýetçilik ösüş taslamalaryny we işjeň Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýar. Türkiýe, bu syýasatyň türkmen halkynyň gülläp ösmegine uly goşant goşýandygyna ynanýar” diýip belleýär.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri syýasy, söwda, ykdysady, bilim, medeni, jemgyýetçilik we beýleki ugurlarda ösmegini dowam etdirýändigini bellän ilçi häzirki wagta çenli iki ýurduň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak  maksady bilen ýüzden gowrak ikitaraplaýyn şertnama gol çekilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda türkmen doganlary bilen bilelikde iş alyp barýandygyny bellän ilçi Togan Oral Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň garaşylýan saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berjekdigine pugta ynanýandyklaryny nygtady.

Şeýle hem ilçi 2020-nji ýylyň ahyryna we geljek ýyl üçin möhüm duşuşyklar we çäreleriň birnäçesiniň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisine, bilim ministrleriniň başlyklyk etmeginde bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 3-nji mejlisine, türkmen-türk işewürler geňeşiniň mejlisine, Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine hem-de 2021-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine taýýarlyk görülýär.

Ilçi Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň parasatly baştutanlygynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine pugta ynanýandygyny belledi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri