DÜNÝÄ

Türkmen-Türk gatnaşyklary “Watan”da

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejelere çykdy. Okgunly  ösüş depginine eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi, dürli medeni we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň berkidilmegi ýaly ýörelgelerden ugur alnyp, Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgyýeti döredildi dýilip “Watan” gazetiniň birinji sahypasynda neşir edilen  “Ynsanperwer gatnaşyklar pugtalanýar” atly makalada aýdylýar. Gazetiň ilkinji sahypasynda neşir edilen  makalada hususanda şeýle diýilýär.

häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejelere çykdy. Hususan-da soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar has hem ýygjamlaşdy. 1991-nji ýyldan bäri iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar üstünlikli dowam edýär. Türkiýe Respublikasy hormatly Prezidentimiziň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini ilkinjileriň hatarynda goldaýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ulgamynda hem netijeli gatnaşyklar dowam edýär. Doganlyk döwletleriň arasynda bu ugurda üstünlikli we netijeli alnyp barylýan taslamalar bar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda okgunly ösüş depginine eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi, dürli medeni we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň berkidilmegi ýaly ýörelgelerden ugur alnyp, Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgyýeti döredildi. Şeýle-de soňky ýyllarda bilim ulgamynda hem gatnaşyklar giň gerime eýe boldy. Türkmen ýaşlary Türkiýe Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Ýakynda döwlet Baştutanymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy doganlyk döwletlerdir. Özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzakmöhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Söhbetdeşligiň barşynda Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar diýip, mähriban Arkadagymyz aýtdy hem-de bu ugurda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň we zerur bolan halatynda degişli goldawy bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligini pandemiýa garşy göreşde doly goldaýandygyny nygtap, anyk netijeleri gazanmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Rejep Taýyp Ärdogana döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi we şahsy goşandy, şeýle hem ýurdumyza iberilen lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany hökmünde garaýarys.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar