SPORT

Türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlary

Pariž şäherinde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde türkmenistanly dzýudoçy gyz Maýsa Pardaýewa çykyş etdi. Ol 57 kilograma çenli agram derejesinde gyzlaryň bäsleşiginde ýaryşyň 1/16 böleginde hytaýly Si Saýy möhletinden öň “ippon” bilen ýeňmegi başardy.

57 kilograma çenli agram derejesinde zenanlaryň arasyndaky ýaryşyň 1/8 finalynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa braziliýaly Rafaela Silwa bilen duşuşdy we bu duşuşkda ýeňiş brazil türgeniň peýdasyna tamamlandy.

Şeýle hem düýn  66 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow ilkinji duşuşygynda Afrikanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Edmilson Pedrony ýeňip, ikinji duşuşygynda braziliýali Willian Limadan ýeňlipdi. Brazil türgen bu agram derejesinde kümüş medaly gazandy.

Mundan başga-da, Aýnura Pirimowa ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Ol hem 100 metr aralyga arkanlaýyn suwda ýüzmek ýaryşynda ynamly çykyş etdi. Ol ilkinji tapgyrda 3-nji orny eýelän bolsa, ikinji tapgyrda bu üstünligini gorap bilmedi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady