SPORT

Türkmen türgenleri Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar

29 türgenden we 6 tälimçiden ybarat bolan Türkmenistanyň sport wekiliýeti Gazagystanyň Astana şäherinde badalga alýan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti “Türkmenistan: Altyn asyr” web saýtyna beren habaryna bellenilip geçilýär.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary sportuň etniki görnüşleri boýunça ýaryşlaryň geçirilýän iri sport bäsleşigidir. Ýaryşyň esasy ugurlaryny Merkezi Aziýanyň çarwadar halkarynyň taryhdan gelen milli oýunlary düzýär. Bu hem adamzat medeniýetiniň milli mirasy bolan etniki sportlaryň hem-de etniki medeniýet hereketini ösdürmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary ÝUNEKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Astanada geçirilýän Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna 100 döwletden 4 müňe golaý türgen gatnaşýar. Olar sportuň 21 görnüşi boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler.

Oýunlaryň maksatlarynyň çäklerinde etniki mdeni mirasy wagyz etmek üçin ylmy maslahatlar we medeni çäreler geçiriler.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary 8-nji sentýabrda “Astana Arena” stadionynda badalga alyp, 13-nji sentýabrda “Kazanat” merkezi atçylyk toplumynda tamamlanar.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary geçirmek başlangyjy Gyrgyzystana degişli bolup, bu ýurtda Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary 2014-nji, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda geçirildi. Şeýle hem Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň 4-njisi 2022-nji ýylda Iznik şäherinde geçirildi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler