Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde berlen hasabata görä, ýurdumyzyň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, 136 altyn, 145 kümüş we 209 bürünç medallary gazandylar. Sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň işini döwrebap guramagyň, olaryň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, şeýle hem ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.
Sport desgalaryny netijeli ulanmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
