SPORT

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy

2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda türkmen sportynda oňat netijeler gazanyldy. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza baýrakly dolandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Hasabat döwründe sport ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigi bellenildi.

Hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryş, Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi.

Hasabat döwründe türgenlerimiz 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç medal gazandylar. Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi hem-de degişli güwänama gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler