SPORT

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen ýatda galypdy.

Şol çempionatda ýurdumyzyň sport abraýyny ýokary galdyran türgenleriň biri hem Ýulduz Jumabaýewa bolupdy. Ol 45 kilogram agrama çenli agramda çykyş edip, Tailandyň 2 türgeni bilen baýrakly orunlar üçin bäsleşdi. Netijede tailandly türgen birinji orny eýeläp, altyn medala, Ýulduz bolsa kümüş medala eýe bolupdy.

Altyn medal gazanan tailandly türgen tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy hem-de sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagynda türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa altyn medalyň eýesi boldy. Bu türkmen türgeniniň dünýä çempionatlaryndaky ilkinji uly üstünligi boldy.

Bu hoş habary Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimize iberen hatynda bellenilip geçilýär.

Halkara agyr atletika federasiýasy türkmen türgenine bu medalyny şu ýyldaky halkara ýaryşlaryň birinde gowşurarlar.

Türkmenistanyň agyr atletika sportunyň taryhy baýdyr. Sportuň bu görnüşinde agyr atletikaçy türgenimiz Altymyrat Orazdurdyýewi ýatlaman geçmek bolmaýar. Ol häzirki wagtda ýurdumyzyň iň meşhur agyr atletika türgenidir. Ol dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, Aziýanyň we Aziýa oýunlarynyň çempionydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sport uly ösüşe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen agyr atletika sporty hem işjeň ösdürilýär.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler