MEDENIÝET

“Türkmen teatr sungaty” — milli medeniýetiň gymmaty

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda “Türkmen teatr sungaty” atly teatr bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy.   “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň uly toý, dabara beslenýän günlerinde ak mermer paýtagtymyzda geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” atly teatr bäsleşigi ýurdumyzyň teatr sungatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrjakdygy açylyş dabarasynyň dowamynda teatr artistleriniň edebi-sazly kompozision çykyşlary hem aňryýany bilen subut etdi.

Teatr  — giň jahanyň bagtyýarlyk buşlugydyr.

Teatr — Arkadagly ajap günleň hoşlugydyr.

Teatr — goja dünýäň sahna siňen ýaşlygydyr…

ýaly teatr dünýäsini joşgunly setirlerde wasp edýän ajaýyp goşgy bilen başlanan açylyş dabarasy oňa gatnaşanlarda buýsançdan dörän joşgunly duýgulara ganat berdi.

— Siz teatrda bolup gördüňizmi? Eger bolup görmedik bolsaňyz, haýyş edýärin, hökman geliň, teatryň dünýäsinde ýaşap görüň! Teatr ýagşylykdan hem hakykatdan başlanar —

ýaly tomaşaçylara çakylyk ýollaýan ajaýyp jümlelerden soňra ene hüwdüsiniň ýaňlanmagy, onuň yzýanyndan çaga kalbyndan syzylyp çykýan:

— Teatr bu mukaddes ýer, çaga kalby ýaly arassa ýer —

diýen setirler bilen teatr sungatynyň wasp edilmegi… bu görnüşler her bir dabara gatnaşyjynyň dünýäsinde teatr sungatyna söýgüni öňküden-de artdyran bolsa gerek.

— Teatr — gadymyýetiň ýaňlaryndan şan getiren,

Teatr — Gorkut, Gammar, Göroglydan heň getiren,

Teatr — sahnalarda ykballardan şan getiren,

Göwünleriň gülşeninde joşgun, aýdym, mukam bu gün,

Sungat bilen toý toýlaýar, Arkadagly mekan bu gün… —

diýen joşgunly setirleri sahnada ýaňlandyran Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew bilen bilelikde ýaş artistleriň okan goşgulary açylyş dabaranyň joşgunyny artdyrdy.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasyndan soňra aýdymçy-artistleriň ýerine ýetiren beýik döwrümizi wasp edýän joşgunly aýdymy dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Soňra ýurdumyzyň teatrlarynyň gutlag çykyşlaryna orun berildi. Welaýat teatrlarynyň wideo şekiller arkaly tomaşa edilen gutlag çykyşlarynda türkmen teatr sungatynyň şöhratly taryhy we bagtyýar şu güni, milli sungatyň ýüreginde özboluşly ýol goýan halypalaryň kämillik menzillerini bu günki günde ussat şägirtleriň mynasyp dowam edýändiginiň waspy edebi-sazly kompozisiýalarda belentden ýaňlandy.

Bu teatr bäsleşiginiň maksady “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri esasynda türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna watansöýüjiligine, merdanalygyna, ynsanperwerligine, arassa ahlaklylygyna, päk söýgä bagyşlanan täze sahna eserlerini döretmekden, şeýle-de ata Watanymyzyň taryhyndaky buýsançly wakalary ilat arasynda giňden öwüt-ündew etmekden teatr sungatynda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmakdan we özara tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň bu bäsleşige hödürlejek sahna eserleriniň her biriniň milli äheňlere eýlenendigi, şol bir wagtyň özünde-de olaryň umumadamzat gymmatlyklaryna goşant goşýan eserlerdigi şübhesizdir. Bu teatr bäsleşigi türkmen tomaşaçylaryna we oňa gatnaşyjylara köpsanly tolgundyryjy ýatlamalary we täze açyşlary sowgat berer. Biz bäsleşige gatnaşýan teatrlaryň döredijilik toparlarynyň ählisine ajaýyp üstünlikleri arzuw edýäris.

Taýýarlan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

PÝGG-niň jerimelerini online tölemek

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy