JEMGYÝET

Türkmen-tatar iş toparynyň onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň nobatdaky wideokonferensiýa görnüşindäki mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.A.Karimow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhamedow dagylar ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň barşynda türkmen-tatarstan hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna itergi berýän dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň aýratyn depgini bellenildi.

Çäräniň dowamynda taraplar iş toparynyň geçen mejlisiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilmeginiň, şonuň ýaly-da söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özarabähbitli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde maşyngurluşyk, nebithimiýa, awiasiýa senagaty, gämigurluşygy, oba hojalygy we beýlekiler kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, iş toparynyň çäklerinde taraplar özara hereketleriň dürli ugurlarynda ähmiýetli ylalaşyklary gazandylar, şonuň ýaly-da türkmen tarapynyň Tatarstan Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirildi.

Şeýle hem türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileri özara gatnaşyklaryň giň ugry boýunça özara gyzyklanma döredýän we bilelikde durmuşa geçirmek ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikire geldiler.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri