JEMGYÝET

Türkmen talyplarynyň taýýarlan programmasy Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň işini döwrebaplaşdyrdy

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Şageldi Weliýew bilen Annanazar Mämiýew bilelikde taýýarlan programmasy bilen awtoulag kärhanalarynyň optimal dolandyryşyny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmegi teklip edýärler. Olaryň bu işi ýaşlaryň arasynda geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň «Innowasion şäher» ugry boýunça ýeňiji boldy.

«Nesil» gazetinde habar berlişi ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki edara-kärhanalary bilen bir hatarda, awtoulag kärhanasynyň hem sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylyşyny ýola goýmak wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Şundan ugur alyp taýýarlanan ýörite programmanyň kömegi bilen kärhanada bar bolan awtobuslaryň gündelik hereketini meýilnamalaşdyrmakdan başlap, awtobuslaryň guratlygyna, sürüjileriň saglyk ýagdaýlary baradaky maglumatlara çenli gözegçilik etmek mümkin.

Bu programma arkaly ýol hatlaryny elektron görnüşde taýýarlap, awtobusyň başlangyç nokatdan çykan wagtyny degişli nokatlarda QR koduň kömegi bilen bellige alyp bolýar. Her ugruň aýlaw hereketleriniň sany, awtobusyň geçen aralygy, beketlerde guýlan ýangyjyň möçberiniň hasaby mobil gurluşlaryň hem-de QR kod arkaly awtomatiki usulda programma gelip gowuşýar. Takyk ýöredilýän bu maglumatlar esasynda hasabatlary dessin taýýarlap bolýar.

Häzirki wagtda bu programma üpjünçiligi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynda ornaşdyrylandy we ulanyşa goýberildi.

 

BSGG-den sanjym ÅŸahadatnamasy barada

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ysraýylyň Eýranyň territoriýasyna eden hüjümleri bilen baglanyşykly beýanaty

Türkmenistan bilen Wenesuela ähtnama gol çekdi

Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Aşgabatda “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len stra­te­gik gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär