SPORT

Türkmen talyplary Kazandaky woleýbol ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Kazan şäherinde daşary ýurtly talyplaryň arasynda geçirilen sport ýaryşlarynda türkmen talyplary öňdäki orunlary eýelediler. Ýaryşlar «Halklaryň dostlugy ― 2021» ady bilen geçirildi ―diýip, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň resmi saýty habar berýär.

Ýaryşda türkmen talyplaryndan ybarat woleýbolçylar topary hormatly üçünji orna mynasyp boldular. Olar güýçli toparlaryň birnäçesiniň ýygnanan ýaryşynda diňe KFU we KAI toparlaryndan asgyn geldiler.

Türkmen woleýbolçylarynyň toparynyň Kazan şäherinde geçirilýän sport ýaryşlarynda yzygiderli üstünlikli çykyş edip gelýändigini ýatladýarys. Häzirki wagtda topara Kazanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan Öweznyýaz Taňryberdiýew, Begenç Allaberdiýew, Meýlis Ýazyýew, Çary Saparow, Baýram Durdyýew, Döwran Babaýew, Resul Hemraýew dagylar wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsulluk edarasynyň hemaýatkärligindäki topar bu ýaryşda özüni «Aşgabat 140» diýip atlandyrdy.

 

Türkmen tälimçisi Berdiýewe täze wezipä

 

 

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler