BILIM

Türkmen talyplary Indoneziýadaky halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda altyn medal gazandylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň ikisi – 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow uniwersitetiň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda 21-25-nji fewral aralygynda Indoneziýanyň Malang şäherinde geçirilen V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda (YISF) altyn medal gazanyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri ýarmarkada eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan we toparymyza ýokary baýraklar getiren «Senagat galyndylaryndan ýaşyl sement öndürmegiň ylmy esaslary» atly innowasion iş bilen tanyşdyrdylar.

Türkmen topary halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň jemi boýunça «Daşky gurşawy goramak ylmy» ugrunda altyn medala, birinji orna we ýeňiji diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Malaýziýanyň ýaş alymlar guramasynyň adyndan (MYSO) türkmenistanly ýaşlara 2025-nji ýylda gazanan üstünlikleri üçin altyn medal gowşuryldy.

Iň gowy ylmy işi üçin zehinli türkmen talyplary Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasynyň (IYSA) «Semi Grand Award» ýokary baýragyny aldylar.

Türkmenistanly talyplar dünýäniň dürli ýurdundan ýaş alymlaryň ýüzlerçe topary bilen bäsleşip, uly abraýly halkara bäsleşiginde şeýle ajaýyp netijeleri gazandylar. V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda 24 ýurtdan 446 topar ylmy üstünliklerini görkezdiler.

Ýene-de okaň

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri