BILIM

Türkmen talyp ýaşlary Bangkokdan medally dolandylar

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwary – 2-nji fewraly aralygynda Taýland Patyşalygynyň paýtagty Bangkok şäherinde ylym we tehnologiýa äleminiň iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan “Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar” (WYSII 2026) atly bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşik dünýäniň dürli künjeklerinden iň zehinli ýaşlary bir ýere jemläp, täzeçil pikirleriň dabaralanan meýdançasyna öwrüldi. Bäsleşige Malaziýa, Taýland, Indoneziýa, Filippin, Italiýa, Hong Kong, Gazagystan, Bangladeş, Meksika we Türkmenistan ýaly döwletlerden jemi 715 talyp we 232 ylmy iş topary gatnaşdy.

Şeýle uly bäsdeşlikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary özleriniň ajaýyp taslamalary we ylmy taýýarlygy bilen aýratyn tapawutlandylar.

Türkmenistanyň wekilleri bäsleşigiň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende göterdiler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Mekan Rozymyradow daşky gurşawy goramakda uly ähmiýeti bolan “Innovative methods for producing an environmentally friendly highly sustainable keratin-based bioplastic material” (Keratin esasynda ekologiýa taýdan arassa we durnukly bioplastik material öndürmegiň innowasion usullary) atly taslamasy bilen çykyş etdi. Ol iň ýokary baýraklar bolan “TOP 5 Awards Gold Medal” we eminleriň aýratyn sylagy bolan “Panel’s Choice Award” baýraklaryna eýe boldy.

 Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň talyplary Jeýhun Jumaşow we Baýnazar Muhammedow tarapyndan taýýarlanan “HeartStep – a project to help develop the first communication skills” (HeartStep – ilkinji aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge kömek edýän taslama) atly iş ýokary baha mynasyp görüldi. Olar hem öz gezeginde “Top 5 Awards Gold Medal” we taslamany iň gowy düşündirendikleri üçin “Best Presentation Award” baýraklary bilen sylaglandylar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Muhammetaly Hangeldiýew we Yhlas Kurbanow kitaplaryň hilini ýokarlandyrmaga we ýalňyşlyklary düzetmäge gönükdirilen “Observer – a project aimed at improving the quality of books and eliminating mistakes” atly taslamasyny hödürlediler. Bu innowasion taslama “Special Award” we “Gold Award” baýraklaryna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasyndan Halkara gatnaşyklary institutyna tehniki kömek

BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalaryndaky türkmen talyp ýaşlarynyň üstünlikleri

Amerikada mugt magistr okasyň gelýärmi?: Fulbrught Foreign study programme

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilimiň täze ulgamy güýje girer

Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly elektron žurnaly döredilýär

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ADA uniwersitetiniň arasynda wideomaslahat geçirildi