DÜNÝÄ

Türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuzin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine itergi berýän iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň yzygiderli we ulgamlaýyn häsiýetini bellediler.

Netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

“Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň aýratyn ugry hökmünde kesgitlenýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini nygtamak bilen, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus hökümetara toparynyň netijeli işini hem tassykladylar.

Şol günüň özünde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça ýokary derejeli türkmen-rus maslahatlaşmalary geçirildi. Maslahatlaşmalarda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda bilelikdäki hereketleriň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan howpsuzlyk ulgamynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Şu nukdaýnazardan, halkara we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barýandygy bellendi.

Şeýle hem sebitdäki ýagdaý barada oňyn pikir alyşmalar geçirildi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi