BIZNES

Türkmen-rus işewürlik gatnaşyklary ösdüriler

Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiyew bilen gepleşikler geçirildi. Bu barada Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşyga rus işewürlik birleşmesiniň başlygynyň orunbasarlary Aleksandr Muryçew we Sergeý Krasilnikow, şeýle hem Halkara köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we integrasiýa boýunça dolandyryjy direktor Sergeý Mihnewiç, “GDA-nyň  ykdysady ösüşiniň işewürlik merkezi” atly assosiasiýasynyň utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Anatoliý Kazakow,  “Ýewro-Aziýa hyzmatdaşlygynyň maliýe-biznes  assosiasýasynyň baş direktory Oleg Berezowoý dagy gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen iki birleşmäniň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Muryçew 2015-nji ýyldan bäri iki ýurduň birleşmeleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň hereket edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy rus kärdeşlerine ýurdumyzyň işewürler düzümini öz içine alýan iri jemgyýetçilik guramasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berip, birleşmäniň howandarlygynda eksportçylara goldaw instituty döretmek meýilnamalary barada aýtdy.

Taraplar şeýle hem türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar: gurluşyk, oba hojalygy, şol sanda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhanalary gurmak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň çäginde “COVID-19” wirusyna garşy sanjymlary öndürmek, şol sanda serhet ýurtlaryna eksport etmek mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

 

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri