DÜNÝÄ

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy berkidilýär

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň iş maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtyndaky habara görä, maslahatyň dowamynda iki ýurduň ykdysady, söwda, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus tarapyndan ýolbaşçysy, Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary A. Owerçuk öz çykyşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösdürilýändigine ünsi çekdi we hökümetara türkmen-rus toparynyň döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagynda täsirli mehanizm bolup durýandygyny aýtdy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň  türkmen tarapyndan ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Meredow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow öz çykyşlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Hususan-da, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biri bolan Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy bolup, hyzmatdaşlygyň bu bölegini işjeňleşdirmek teklip edildi. Sanly tehnologiýalar babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti hem nygtaldy.

Hökümetara toparyň işini has-da kämilleşdirmek üçin iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagy bilen türkmen-rus we rus-türkmen iş geňeşleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklip edildi.

Iki tarapdan hem hökümet agzalary, döwlet gurluşlarynyň ýokary wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda aşakdaky ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada düýpli pikir alşyldy:

– senagat

– maşyn gurluşygy

– energetika

– ulag we aragatnaşyk

– maliýe we bank pudagy.

Ylym we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Iş maslahatynyň netijesinde möhüm hökümetara we pudagara resminamalara gol çekildi.

 

Türkmen-rus ylalaşyklaryna gol çekiler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Buharestde III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar

Ýaponiýada ilkinji gezek zenan Premýer-ministr bolup biler

Türkmenistan bilen Owganystan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Ata Watan Eserleri

Özbek Lideri Donald Trampy Özbegistana çagyrdy