DÜNÝÄ

Türkmen-rus hökümetara toparynyň mejlisi Moskwada geçiriler

Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda A.L.Owerçugyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen şu günki duşuşygynyň ähmiýeti we wajyplygy hem-de onuň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ugurlar kesgitlenilendigi bellenildi.

Topara bilelikde başlyklyk edijiler maliýe we bank ulgamynda, nebit, ulag we elektroenergetika pudaklarynda, şeýle hem bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we salgyt dolandyryş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, şu ýylyň 6-7-nji dekabrynda Moskwada geçiriljek Bilelikdäki Toparyň 12-nji mejlisine taýýarlyk görmek meseleleriniň çäklerinde onuň dowamynda dürli ugurlarda ondan gowrak gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra duşuşyk, Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda ýokarda agzalan ugurlar boýunça içgin maslahatlaşylmak maksady bilen, giňişleýin görnüşde dowam etdi.

Taraplar bilim we medeniýet ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyp, ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen özara hereketleri güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler. Şu nukdaý nazardan, Türkmen-Rus uniwersitetini döretmek baradaky we Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyň wajyplygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Malawi Respublikasynyň wekiliýetiniň toparlary Awaza gelip başlady

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler

BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň wekiliýeti Awaza forumyna gatnaşýar

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenbaşa geldi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler