JEMGYÝET

Türkmen-rus gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi tassyklanyldy.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de senagat hem-de maliýe-bank ulgamlaryndaky özara hereketlere seredilip geçildi. Geologiýa ulgamyndaky bilelikdäki işler dogrusynda hem gürrüň edildi.

Taraplar täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda ugurdaş edaralaryň arasynda tejribeleriň alyşylmagyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň gurluşynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde bilim ulgamyndaky özaragatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryna seredildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň wekilleriň özleriniň gatnaşmaklarynda geçirilmegine ynam bildirildi.

Mundan başga-da, mejlisiň jemleri boýunça Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov