JEMGYÝET

Türkmen raýatlary Belarusdan we Hindistandan getirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Hindistandaky we Belarusdaky türkmen raýatlary ýurdumyza getirildi. Bu barada “Orient.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň uçary bilen koronawirus ýokanjy sebäpli serhetleriň ýapylmagy bilen Hindistanda galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirildi. Ýurdumyza gelen 133 raýatyň aglaba bölegi Hindistana lukmançylyk syýahatçylygy maksady bilen giden raýatlardyr. Şeýle hem olaryň hatarynda türkmen talyplary hem bar.

Deli-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawyny amala aşyran uçarda sanitariýa-epidemologiýa talaplary berjaý edildi.

Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” agentliginiň uçary bilen Belarus Respublikasynda okaýan talyplar we bu ýurtda bolan raýatlarymyzyň 247-si ýurdumyza getirildi. Daşary ýurtdan getirilen raýatlar 14 günlik karantin çärelerini berjaý ederler. Şondan soňra olara öýlerine iberiler we belli bir wagtda maşgala lukmanlarynyň gözegçiliginde bolarlar.

RUS RAÝATLARY ÖZ ÝURDUNA GITDI

Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasy hem Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawyny amala aşyryp, Türkmenistandaky 156 raýatyny Russiýa alyp gitdi. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär. “S7” awiakompaniýasy bu gatnawy amala aşyrdy.

Ýene-de okaň

Russiýanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Beýik Britaniýa Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Eýranyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

Türkmenistanyň kömegi bilen 4000 töweregi adam Eýrandan öz Watanyna gaýdyp bardy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen YHG-nyň daşary işler ministrleri kararnama kabul etdi

Ata Watan Eserleri