2025-nji ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmeginde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy.
Sebit we halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyk bellenildi. Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda daşary syýasy edaralaryň arasynda geçirilýän geňeşmeleriň ähmiýetini bellediler.
Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň ähmiýeti bellenildi.
Ulag-logistika, energetika, suw we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi.
Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar iki doganlyk döwletiň medeni arabaglanşygyny güýçlendirmekde Medeniýet günlerini geçirmek tejribesiniň wajyplygyny bellediler. Ylym, bilim, kinematografiýa babatda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenilip geçildi.
Geňeşmeleriň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça Teswirnama gol çekişlik dabarasy hem geçirildi.
***
Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.
Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi.
Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki hyzmatdaşlygyň häsiýetine eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä ýetdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär.
Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşmalar boldy.
*****
Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Kamilowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.