Şu gün Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde türkmen-özbek gatnaşyklaryny hasda berkitmek ugrunda iki gün dowam etjek Türkmen-özbek dostluk festiwaly öz işine başlady. Bu festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, milli gymmatlyklara esaslanýan döredijilik duşuşyklary, doganlyk halklarynyň amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar, sahna oýunlary, birnäçe filmler görkeziler. Festiwal ýokary guramaçylyk alnyp barylyp, dostluga uzaýan ýollary, netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkider.
Türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gutlag hatlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlag hatynda: “Türkmen we özbek halklarynyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan üstünlikler biziň ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkitmäge hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda Daşoguz welaýatynda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň döredijilik forumy — iki doganlyk halkyň dostluk festiwaly biziň gatnaşyklarymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy” diýip belleýär.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Gutlag hatynda bolsa, “Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýyldan-ýyla barha işjeňleşdirilýär, dürli konsertler, festiwallar, sergiler guralýar, Medeniýet we kino günleri geçirilýär, ýurdumyzda Türkmen milli medeniýet merkezleri hereket edýär. Ýakynda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türki edebiýatyň dürdäneleri” atly 100 jiltlik eserler ýygyndysy neşir edildi. Ýygyndynyň 10 jilti türkmen edebiýatynyň saýlama eserlerine bagyşlandy. Oňa Azady, Andalyp, Magtymguly, Mollanepes, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Atajan Tagan ýaly nusgawy we häzirki zamanyň görnükli şahyrdyr ýazyjylarynyň onlarçasynyň döredijiliginiň iň gowy nusgalarynyň girizilendigi aýratyn bellärliklidir.” diýlip bellenilýär.
Ine, şu gün Daşoguz welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmen-özbek dostluk festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem-de Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow hem gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa edildi. Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda iki ýurduň amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Daşoguz şäherindäki Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda Özbegistanyň Horezm welaýatynyň ugurdaş teatrynyň Alyşir Nowaýynyň «Leýli — Mejnun» eseri esasynda sahnalaşdyran «Kaýs» spektakly, demirgazyk sebitiň sahna ussatlarynyň taýýarlan «Ygrar ataşy» atly oýny giň tomaşaçylar köpçüligine görkeziler. Welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde türkmen we özbek kino sungatynyň ussatlary bilen geçiriljek döredijilik duşuşygy ýakymly pursatlara beslener. Tomaşaçylar täze düşürilen türkmen we özbek filmlerine tomaşa ederler.