SIZDEN GELENLER

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Ata Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar, şol sanda, Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Häzirki döwürde köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi asyrlaryň synagyndan geçip gelýän dost-doganlyga ýugrulan medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirkizaman türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde işlemegiň we döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp däplerine eýerýärler. Biziň ýurtlarymyzyň, iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky däp bolan hyzmatdaşlyk oňyn häsiýete eýe bolup, bu ugurda gadymdan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerilýär.

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Bu ýerde Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi guraldy. Bu çäreler hoşniýetli goňşuçylyga daýanýan türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, sebitleriň arasyndaky özara gatnaşyklary anyk mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Bir derýanyň suwuny içýän iki halkyň, iki goňşy döwletiň ykdysady ösüşi, gürrüňsiz, biri-birine bagly. Şunda hususy pudaga aýratyn orun degişlidir. Forumda bellenilişi ýaly, şu gezekki çäreler türkmen we özbek işewürleri üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ýygy-ýygydan geçirýän gepleşikleriniň iňňän uly ähmiýeti bar. Iki döwletiň ykdysadyýetinde-de birek-biregi gyzyklandyrýan aýratynlyklar köp. Şu ýylyň tomsunda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürildi» diýen at bilen geçirilen milli sergi özbek bazary üçin ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezen bolsa, şu gezek edil şeýle mümkinçilik özbek işewürleri üçin döredildi.

Goňşy döwlet bilen ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki serhetýaka çäkde söwda zolagynyň düýbüniň tutulandygyny bellemek bolar. Edil şeýle zolagy Lebap we Buhara welaýatlarynyň arasynda-da döretmek meýilleşdirilýär.

Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama wajyp orun degişli. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika, oba hojalygy pudaklarynda, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ilerledilýär. Munuň özi iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary esasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň dowamynda gazanylýan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşan türkmen hem özbek halklarynyň ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.Ýeri gelende, Magtymguly, Mollanepes, Kemine ýaly türkmen şahyrlary özbekleriň edebi-medeni durmuşynda neneňsi hormat-sarpa eýe bolsa, özbek halkynyň nusgawy edebiýatynyň Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Muhammet Babyr, Meşrep ýaly wekilleri-de türkmen okyjylarynyň kalbyna şeýle derejede ýakyndyr.

Türkmen we özbek halklarynyň gadymy taryhy, urp-adatlary, milli däp-dessurlary biri-birine juda ýakyn. Bu iki halkyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ykdysady, söwda, medeni we edebi gatnaşyklar häzirki günlerde-de işjeň ösdürilýär. Munuň şeýledigini paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň mysalynda-da aýdyň görmek boldy.

Umuman, üstümizdäki hepde türkmen-özbek dostlugynyň hepdesi boldy. Ilki bilen paýtagtymyz Aşgabatda Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilen bolsa, onuň yzysüre Lebap welaýatynyň merkezinde birbada iki çäre – Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem-de özbek önümleriniň sergisi geçirildi.

Şatlyk Ballyýew,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury