BILIM

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

31-nji iýul — 6-njy awgust aralygynda Bolgariýa döwletiniň Blagoýewrad şäherinde talyplaryň arasynda 30-njy halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý, Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Alžir, Braziliýa, Kanada, Eýran, Singapur ýaly ösen ýurtlaryň 50-den hem köpüsiniň 100-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden jemi 400-e golaý talyp gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Halkara bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan düzülen topar gatnaşyp, üstünlik gazanmagy başardy. Iki tapgyrda geçirilen bu halkara bäsleşikde oňa gatnaşyjylara jemi 10 mesele hödürlendi. Olary çözmek üçin bolsa her tapgyrda jemi 4,5 sagat wagt berildi. Türkmen talyplary berlen ýumuşlary çözmegi başaryp, jemi 8, ýagny 4 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Resul Şamuhammedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Myratgeldi Annamuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyplary Gurt Döwletow hem-de Akmuhammet Gurbangeldiýew kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyplary Akmuhammet Akmyradow, Hydyrberdi Rejepow, Röwşen Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Muhammet Annaýew dagy bürünç medala eýe boldy.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler