BILIM

Türkmen oba hojalyk instituty: Talyp:2021

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy). II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agrohimiýa we topragy öwreniş; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek). 2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy). 3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary (oba hojalygynda)). III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)). Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl — iňlis dili boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir. 2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda)). 3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy). 5. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar). 6. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)). 7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)). Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — şahsy pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz ş.) we Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Lebap welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri; Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-i, 3-i we 4-i günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we topragy öwreniş; weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünärler we taýýarlygyň ugurlary: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; agroinženerçilik; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; hünärler we taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary (oba hojalygynda); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: — soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar; — “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.  Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9-33-92, 9-40-68, 9-38-65.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Okap bilersiňiz  Türkmenistana täze ýolagçy gämisi getirildi

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar