JEMGYÝET

“Türkmen  Maglumat”: Türkmen dilindäki maglumatlaryň jemlenen ýeri  

Internet maglumatlaryň örän uly ummany. Häzirki wagtda internette islendik maglumatlary diýen ýaly tapyp bolýar. Ýöne häzirlikçe internetdäki maglumatlar esasan hem iňlis, fransuz, rus we beýleki dillerde. Soňky döwürde ýurdumyzda hem sanly ulgama geçiş prosesi çaltlaşýar we internetdäki türkmen dilindäki maglumatlaryň sany yzygiderli artýar. Täze web saýtlaryň, esasan hem habar saýtlaryň gerimi giňeýär, Türkmen dilindäki maglumatlaryň gory artýar. Bu ulgamda www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň häzire çenli alyp baran işleriniň netijesinde Türkmen dilindäki köp maglumaty “gözlän” wagtymyz, biziň saýtymyzdan şol barada maglumatlary tapyp bolýar. Maglumat diýeňde, köpleriň ýadyna “Wikidepiýa” düşýär we bu saýt dünýädeki ähli maglumatlary tapyp berýän platforma öwrüldi. Bu platformda türkmen dilindäki maglumatlaryň sany hem artýar. Emma entek ýeterlik derejede däl.

Türkmen dilindäki ähli maglumatlaryň ygtybarly, dogry, aňsat tapyp bolýan jemlenen platformasyny döretmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly täze taslama başlaýar. Bu taslamanyň ady: Türkmen Maglumat! Biz bu taslamany gelejekde www.turkmenmaglumat.com saýtynyň üsti bilen dowam ederis. Emma häzirlikçe www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýörite bölüm döredýäris. Saýtymyzdaky “Türkmen Maglumat” bölüminde biz Size Türkmen dilindäki maglumatlary, özi hem ygtybarly maglumatlary ýetireris. Internetde maglumat kän, emma internetden “ygtybarly” maglumat tapmak kyn. Şol sebäpli okyjylar haýsyda bolsa bir temada maglumat gözlän ýagdaýynda, ilki “Türkmen Maglumat” bölümine girip görerler!

Biz maglumatlar gorumyza ilkinji nobatda biografiýalar girmek bilen başlaýarys. Ilkinji nobatda Magtymguly Pyragy baradaky gysgaça maglumaty girdik. Soňra bolsa nusgawy şahyrlarymyz barada maglumatlary girip başladyk. Ýakynda bolsa, geçen asyryň we üstümizdäki asyryň sungatda, medeniýetde we ylymda yz galdyran ägirtleri baradaky maglumatlary Size ýetireris. Ýakyn gelejekde bolsa öz döwürdeş “Ýyldyzlarymyz” baradaky maglumatlary gireris.

Biz gelejekde, bu maglumatlary has giňişleýin görnüşe getireris we yzygiderli täzeläp durarys. Ýagny, hiç bir maglumat gutarnykly maglumat däl, we mydama täzelenip durmaga degişlidir. Mysal üçin bir “Ýyldyzymyz” täze dereje-döwlet derejesindäki orden ýa-da medal alan bolsa, biz şol “Ýyldyz” baradaky bölümi täzeläp, şol täze ýagdaýy maglumat gorumyzda görner ýaly ederis. Internetde, esasan hem Instagram, Twitter ýaly jemgyýetçilik torlarynda “mawy taýajyk” almak “uly abraý” hasaplanýar. Bu “mawy taýajygy” almak üçin esasy şertleriň biri hem, ýurt derejesindäki we halkara derejedäki mediada şol “Ýyldyz” baradaky maglumatlaryň bolmagy hökmanydyr. Ine biziň “Türkmen Maglumatymyz” bu ulgamda hem ‘Ýyldyzlara” öz goşandyny goşar!

Hormatly okyjylarymyz! 

Biz gelejekde Türkmen dilindäki haýsyda bolsa bir temadaky on müňlerçe maglumaty saýtymyza girizeris. Şol sebäpli siziň bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap maglumatlar goruny bilelikde jemlemek isleýäris. Bu taslamany redaktorymyz Şamil Roznazarowyň gözegçiliginde Aýlar Nurmuhammedowa we Mähri Berdiýewa alyp barar. Bu baradaky teklipleriňizi turkmenlawyer@hotmail.com salgysyna iberip bilersiňiz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi