SIZDEN GELENLER

Türkmen-koreý medeni gatnaşyklarynda täze döwür

Ýurdumyzda Koreýa Respublikasynyň Medeniýet günlerine bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe boldy. Bu medeni çäreler iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Koreýanyň medeniýet günleriniň çäklerinde köp sanly medeni çäreler göz öňünde tutuldy. Şolaryň hatarynda Koreý kinolarynyň görkeziliş çäreleri hem amala aşyryldy. Kino görkezilişiniň maksatnamasyna koreý kinematograflarynyň soňky ýyllarda döreden doly göwrümli çeper filmleri girizildi. Olaryň arasynda giň tomaşaçylar köpçüligi, şol sanda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen hem-de uly meşhurlyk gazanan “Samjin kompaniýasynyň iňlis dili sapaklary”, “Bori” atly filmler hem bar.

Koreý Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, “Hanbok” milli lybasynyň görkezilişi, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de “Gugak” koreý kwartetiniň bilelikdäki konserti hem göz öňünde tutuldy.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we mednei-ynsanperwer gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykaryldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasynyň çäklerinde türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny hem pugtalandyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär. Muňa şu ýylyň noýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak resmi sapary hem aýdyňlygy bilen subutnamadyr.

Ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, türkmen tarapynyň Global “ýaşyl” ösüş institutyna (GGGI) goşulmak hereketi bilen bir hatarda, Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOICA) bilen özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. 2019-njy ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Sejong Patyşasynyň Institutynyň Gaznasynyň Koreý dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça Okuw merkeziniň üstünlikli hereket edýändigini belläp geçmek hem ýerlikli bolar.

Şu ýerde koreý medeniýetiniň gadymy däpleri hem-de baý taryhy barada hem agzap geçmek bolar. Däp bolan koreý medeniýetiniň 5 müň ýyllyk taryhy bar. Ol özboluşly hem-de gadymylygy bilen tapawutlanýar.

Koreý ýarymadasynda biziň eýýamymyzdan öň VII—III müň ýyllyklardan galan ilkinji sungat eserleri tapyldy. Koreý ýarymadasynda tapylan keramiki gap-gaçlar bu medeniýetiň gadymylygynda söz açýar.

Koreýa Respublikasynda aýdym-saz ugry hem işjeň ösdürilýär. Hususan-da, bu ýurtda sazyň phansori, sidžo, sandžo we kagok ýaly žanrlary peýda boldy. Koreýleriň milli saz gurallary bolan tegym, kaýagym we çangu bilen nusgawy sazlar döredilipdir.

Bu ýurduň özüne çekiji sazlary bilen bir hatarda tanslary hem özboluşlydyr. Ýurtda giňden ýaýran tans görnüşi çondžemu hasaplanýar. Ol esasan hem resmi banketlerde ýerine ýetirilýär. Ilmu tans görnüşi bolsa, konfusian rituallarda amala aşyrylýar.

Koreýanyň özboluşly senetçilik önümleri hem bardyr. Olaryň köpüsi gündelik ulanmak üçin niýetlenendir, şonuň üçin amalylyk bu eserleriň estetikasyndan has möhümdir. Däp bolşy ýaly, iň meşhur materiallar metal, agaç, mata, lak we palçykdyr, ýöne käbir ýagdaýlarda ýakynda kagyz, aýna ýa-da deri ulanylýar.

Gadymy döwürlerden bäri geýilýän “hanbok” koreýleriň milli egin-eşigidir. Olaryň kelle geýän başgaby bolsa kwanmo diýlip atlandyrylýar.

Koreýleriň milli eşigi bolan hanbok hem dürli-dürli bolýar. Olaryň gündelik, dabaraly çärelere we ýörite maksat bilen geýilýän görnüşleri bardyr.

Koreý medeniýet barada agzalyp geçilende, onda Koreýanyň aşhanasyny hem unutmamak gererk. Koreýanyň milli tagamlarynda esasy orny tüwi eýeleýär. Ýöne diňe bir tüwi däl, eýsem beýleki däneli ekinler hem tagamlarda öz ornuny alýar. Balyk we deňiz önümleri hem koreý aşhanasynyň aýrylmaz bölegidir.

Koreýleriň däp bolan tagamlarynyň arasynda ssambap, pulkogi, sinsollo, kimçhi, pibimpap we kudžolphan bar.

Merjen Aşyrowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Iňlis diliniň britan we amerikan görnüşleriniň arasyndaky aratapawutlar

Ata Watan Eserleri

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Saglyk – ýeke-täk baýlyk

Ata Watan Eserleri

Terbiýe — bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli terbiýe — asylly ýörelge