BIZNES

Türkmen işewürleriniň Rumyniýa sapary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan ybarat bolan işewür wekiliýeti Rumyniýada saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmen işewürleri rumyn kärdeşleri bilen duşuşyp, olaryň bu ýurda amala aşyran saparynyň maksady türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary “Avangarde Group” maýa goýum kompaniýasynyň gurnamagynda Rumyniýanyň kiçi we orta telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem ýerli söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň işewürlik mümkinçilikleri” atly çäre guraldy. Bu ýerde rumyn tarapyna Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berildi. Rumyn kärhanalary Türkmenistanyň himiýa, dokma we gurluşyk senagatyyň önümleri bilen gyzyklandylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder