Diplomatiýa ýurduň daşary syýasatynyň bütindünýäde ygtybarly ösdürmekde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary alyp barýar.
Türkmenistan döwletimiziň Hytaý Halk Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary gaty irki döwürlerden, ýagny Ýüpek ýolunyň başlangyjyndan gözbaş alyp gaýdýar. Häzirki wagtda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysady, syýasy, medeni-ynsanperwer we başga-da birnäçe ugurlary öz içine almak bilen bir hatarda, bazar gatnaşyklarynyň ösmegine uly ýardam berýär. Bu günki günde ýurdymyz bu döwlete özüniň tebigy gazyny uly möçberde eksport edýär. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Hytaýyň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşen “Bagtyýarlyk” gaz käninde Hytaýa ýurdumyzyň tebigy gazyny äkidýän gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy. Şondan bäri her ýyl Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna uly möçberde tebigy gazyň eksportyny ýola goýdy. Döwletara ulgam üç ugurdaş şahalary (A,B we C) öz içine alyp, olaryň her biriniň uzynlygy 1830 kilometre barabardyr.Türkmenistan-
Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ussat hünärmen bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim alýan ýaşlaryň nazary bilimlerini we hünär endiklerini Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Şol sanda, bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň barşynda, Hytaýyň adaty we adaty däl lukmançylyk tejribelerini öwrenmek hem-de ony ýurdumyzda giňden ornaşdyrmak meselesine hem uly üns berilýär. Her ýyl Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim alýan talyplaryň birnäçesi Pekin şäherinde ýerleşen Hytaýyň Adaty lukmançylyk uniwersitetinde öz okuwlaryny dowam etdirmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasyny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary netijesinde Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi ugrunda ýerleşýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly gurlyp ulanylmaga berildi. Bu demirýolyny netijeli işletmek ýurdymyzyň öňünde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýlelikde, bu taslamany Hytaý jemgyýetçiliginiň esasan-da, demirýol ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň öňünde tanyşdyrmak we olaryň ünsüni çekmek ýaly birnäçe işler alnyp baryldy. Türkmen tarapy Hytaýyň dürli şäherlerinde, şol sanda Pekinde, Loýanda we başga-da birnäçe port şäherlerinde bu taslamanyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirdi. Netije-de, Hytaýdan Eýrana Türkmenistanyň üsti bilen yzygider ýük gatnadýan demirýol kerwenleri ýola goýuldy. Bu demirýolyň gurluşygy başlanmazyndan öň Hytaýdan Türkmenistana ýa-da goňşy döwletlere gelýän ýükler deňiz arkaly daşalýardy. Netije-de, ugradylýan ýükler bir aýdan hem köp wagt dowamynda Eýran portuna gelip düşýärdi we soňra Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa döwletlerine ugradylýardy. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolynyň gurlyp ulanylmaga berilmegi netijesinde söwda ulgamynda öňegidişlikleri görmek bolýar. Hytaý Halk Respublikasyna serhetdeş döwlet bolan Gazagystanyň çäginden demirýol arkaly getirilýän ýükler 14 günde Eýranyň merkezi şäheri Tährana baryp ýetýär. Elbetde bu görkeziji hiç hili päsgelçiliksiz wagty netijeli we tygşytly peýdalanmak mümkinçiligini berýär. Häzirki wagtda taraplaryň ylalaşygyň netijesinde bu ulgam Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmakda esasy üns merkezinde durýan ulag, suw we energetika diplomatiýasyny işjeň ösdürmek we dünýä tejribesini öwrenmek arkaly bu ugurlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem, häzirki döwrüň talabyna laýyklykda dünýä döwletleriniň arasynda saglyk we medeni diplomatiýany ösdürmek hem esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwletnazarowa Hatyja,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby