BILIM

Türkmen harytlary Gyrgyzystana ugradylyp başlandy

Mälim bolşy ýaly, 27-28-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapary boldy. Şol saparyň çäklerinde geçirilen türkmen-gyrgyz ykdysady forumyň çäklerinde türkmen harytlaryny gyrgyz bazaryna ibermek boýunça köp sanly ylalaşyklara gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň esasynda “Il-76” kysymly uçar bilen türkmen harytlary Gyrgyzystana iberildi. Bu barada gyrgyz metbugatyna ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda 21 million dollardan gowrak santehnika, azyk hem-de gök önümleri ibermek boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

Şonuň netijesinde, 29-njy iýunda Türkmenabat şäherinden uçan ýük uçary Bişkek şäherine gondy. Bu hem gol çekilen ylalaşyklaryň eýýam iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanandygyny görkezdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Danil Ibraýew “Tazabek” internet neşirine beren beýanatynda Türkmenistandan 18 tonna santehnika harytlary, 10 tonna pomidor, 6 tonna käşir, 2 tonna konditer önümleri, matalar, nebithimiýa önümleri ýaly harytlaryň getirilendigini belledi.

Bişkek şäherindäki howa menzilinde ýükleri ýurduň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Adylbek Kasymaliýew garşylady. Ol iki ýurduň arasdyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypanyň açylandygyny belledi.

 

“Arkadag” myhmanhanasy açyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

Türkmenistanda ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri berkitmegiň tertibi

Türkmenistanda aspirantura kabul etmegiň tertibi

Russiýanyň ilçisi: rus-türkmen uniwersiteti barada ylalaşyk tamamlaýjy tapgyrda

2026-njy ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadany geçirmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri