JEMGYÝET

Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmen halyçylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.

Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Olarda nepis türkmen halylarynyň waspy ýetirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper haly kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylarydyr haly önümleri baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň baş bezegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekillerini, ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynyň işgärlerini, dünýäniň ylmy, işewür jemgyýetçiliginiň agzalaryny, alymlary, halyşynaslary bir ýere jemlän mejlisde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlar diňlenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk