JEMGYÝET

Türkmen hallkynyň Milli Lideri Gazagystanda

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan we Gazagystan strategik hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, dürli ulgamlarda, şol sanda sport ugry boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna bar bolan dürli ugurly mümkinçilikleri doly derejede işe girizmäge taýýardyklaryny görkezýärler.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi