JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Wengriýa iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara  howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen, şol sanda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugruna berk eýerýär.  Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Budapeşte şu gezekki sapary hem-de Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Şol gatnaşyklar bolsa, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege düşünmek hem-de Türki döwletleriň guramasy we oňa agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýar.

Türkmenistanyň Wengriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellemek gerek. şunda ýokary we hökümet derejesindäki duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Wengriýanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylda Türkmenistana hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň 2023-nji ýylda Aşgabada amala aşyran resmi saparlarynyň, şeýle hem Gahryman   Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Wengriýa resmi saparynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda Budapeşte amala aşyran iş saparynyň  netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Ýene-de okaň

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri