JEMGYÝET

 Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Mary welaýatyna iş sapary

 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde, önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleri maslahatda garalan esasy ugurlar boldy.

 Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň häkiminiň orunbasaryna ýüzlenip, häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin ähmiýetli bolan çäreleriň yzygiderli guralmagy babatda degerli maslahatlaryny aýtdy. Munuň özi raýatlarymyzyň agzybirligini, bitewüligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şu ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden dabaralandyrylar. Onuň çäklerinde beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp,  türkmen halkynyň Milli Lideri halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijilige gol beren ýaşlar bilen duşuşyklarynyň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde, metbugat serişdelerinde, tele we radioýaýlymlarda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli habarlaryň taýýarlanylmagyna, özüne çekiji gepleşikleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, aýdym-sazly çykyşlaryň, amaly-haşam sungatynyň eserlerine bagyşlanan sergileriň geçirilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu işleriň ýurdumyzyň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna ýardam etjekdigine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy