JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Liderine teakwandonyň 9-njy dany berildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, koreý işewüri türkmen halkynyň Milli Liderine taekwandonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – 9-njy dany bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we bu baradaky degişli sertifikaty hem-de ýörite teakwando sport lybasyny gowşurmaga rugsat bermegini haýyş etdi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon teakwando federasiýasynyň ýolbaşçysy sporty dünýäde giňden wagyz etmekde, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda, şeýle hem Türkmenistanda teakwandony ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri teakwandonyň 9-njy danynyň berlendigini tassyklaýan sertifikaty hem-de ýörite teakwando sport lybasyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Milli Liderimiz bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, bu berlen sylagy ähli türkmen teakwandoçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde teakwandony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine aýratyn ähmiýet berdi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady