JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ÝHHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün, 1-nji maýda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gepleşiklerde häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlygy olaryň üstüni ýetirdi.

Sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli meseleler boýunça gurama bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň ygrarlydygy beýan edildi.

Şunuň bilen bir hatarda, anyk ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça möhüm çäreleriň zerurdy bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli Liderimiz geljekde sebitde we dünýäde parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek maksadynda ÝHHG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hanym Helga Şmide berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi