Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.
«Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar.
«Bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçiren umumy sapagymda hem giňişleýin durup geçdim. Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenleriň döwleti emele getirmekde we dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda toplan baý tejribesi hakynda gürrüň etdim» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri ýatlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn belleýşi ýaly, Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi, ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!