JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýada geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini, häzirki wagtda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze many-mazmuna eýe bolup, ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasynyň alyp barýan işlerine, şol sanda Aksakgallar geňeşiniň işine yzygiderli gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigi bellenildi. Şeýle abraýly çäräniň biziň ýurdumyzda geçirilmegi bir tarapda Türkmenistanyň türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär, beýleki bir tarapdan bolsa, bize bildirilen uly ynamyň we jogapkärçiligiň nyşanydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym şu ýylyň 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär