JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkiýäniň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Aragatnaşyk müdirliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri birek-biregi mübärek Oraza baýramy bilen gutladylar.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşyp, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Prezident Ärdogan telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny belläp, muňa uly kanagatlanma bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-2-nji martynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrypdy. Bu saparyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde tebigy gaz ulgamynda möhüm ylalaşyklara gol çekilipdi.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi