JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.

Myhman döwletara gatnaşyklary ösdürmekde özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ýaponiýa amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda işjeň ösdürilýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri ýurdumyzyň eksportynda uly orun tutýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan bu sergä gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýörite guramaçylyk topary döredilip, häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi we pursatdan peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň hem-de “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon diliniň öwredilýändigini aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

TIF 2025: Türkmenistanyň ulag strategiýasy – iri taslamalar meýilleşdirilýär

Awaza-TIF-2025: möhüm ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy başlady: 45 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň islegleri kanagatlandyrylar

Ata Watan Eserleri

Harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada Permana gol çekildi

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk

Ata Watan Eserleri