JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň ministrini kabul etdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Biržalar we palatalar bileleşiginiň başlygy Rifat Hysarjyklyoglyny kabul etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine özüniň mähirli salamyny iberdi. Türkiýe myhmanlar Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanýan üstünliklerine guwanýandyklaryny bellediler.

“Akylly şäher” konsepsiýasy esasynda gurlup, ulanmaga berilýän Arkadag şäheriniň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy ýolundaky möhüm ädimleriň biridir, diýip türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenildi.

Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýä Türkmenistanyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösdürilmeginde Türkiýäniň kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň öňdebaryjy türk kompaniýalary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik hem-de hyzmat ediş desgalarynyň gurluşygynyň amala aşyryljakdygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň täze mümkinçilikleriň açylýadygyny kanagatlanma bildirdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady